img
img
img
img
img
img
26 mart 2026
68

Türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde “Italiýa – Merkezi Aziýa – Azerbaýjan” formatynda geçirilen foruma gatnaşdy

2026-njy ýylyň 23 – 24-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary B.Berkeliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa-Azerbaýjan” formatynda geçirilen “Durnukly agro-ekoulgam üçin innowasiýalar, regeneratiw oba hojalygy we sanlylaşdyrmak” atly foruma gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde oba hojalygy ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, pudagy sanlylaşdyrmak we agrar önümçiligi häzirki zaman wehimlerine uýgunlaşdyrmak meselelerine garaldy.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynda häzirki zaman çözgütleri ornaşdyrmaga, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy barada belledi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary B.Berkeliýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministri I.Abdurahmonowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.