2017-nji ýylyň 2-3-nji noýabrynda d-r Urban Rusnak Aşgabatda geçirilýan “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2017” (OGT) atly 22-nji halkara maslahatynda çykyş etdi. OGT - bu öňdebaryjy sebitleýin we halkara çäresi bolup, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň we global energetika howpsuzlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýokary derejeli ýolbaşçylary birleşdirýär. D-r Rusnak Maslahatyň plenar mejlisinde geljegiň energetika strategiýalarynyň emele gelmeginde Halkara Energetika Hartiýasynyň orny babatda çykyş etdi. Ol 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy hökmünde gazananlaryna esasy ünsi çekdi.
Türkmenistana saparynyň dowamynda Baş sekretar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy M.Babaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyny kämilleşdirmegiň we 28-29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine taýynlyk görmegiň meselelerine garaldy.