img
img
img
img
img
img
09 aprel 2026
85

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Nowruz halkara baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde guraldy.

Çäre ÝUNESKO-nyň kabul ediş zalynda geçirilip, onuň çäklerinde baý we köpugurly medeni maksatnama amala aşyryldy. Maksatnama konsert çykyşlaryny, milli tagamlaryň hödürlenmegini hem-de tematiki sergini öz içine aldy.

Çäräniň hormatly myhmany hökmünde ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Entoni Kwaku Okwem-Boama gatnaşdy. Şeýle hem Fransiýanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň wekilleri, ÝUNESKO-nyň ýanynda we Parižde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalar, jemgyýetçilik hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň sergi diwarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän el halylary, milli şaý-sepler we ýadygärlik sowgatlar görkezildi. Şeýle hem myhmanlar üçin türkmen milli tagamlarynyň dadyp görülmegi guraldy.

Çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň sazandasy Serdar Haýdarowyň ýolbaşçylygyndaky saz toparynyň çykyşlary çekdi. Maksatnamada dutar, gyjak ýaly milli saz gurallary bilen ýerine ýetirilen saz eserleri ýaňlandy. Tomaşaçylar çykyşlary uly şowhun bilen garşy aldylar.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewanyň, şeýle hem Azerbaýjandan we Täjigistandan bolan dizaýnerleriň milli lybaslarynyň gözelligini açyp görkezýän moda görkezilişi geçirildi.