Türkmenistan we ICMPD migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde, türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherinde öz işine başlan Serhet howpsuzlygy boýunça bütindünýä kongresiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Sahy Imamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Sýuzanna Raab bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar migrasiýany dolandyrmak we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, toplumlaýyn serhet dolandyryşy, migrasiýa ulgamlaryny sanlylaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem Türkmenistanyň Praga prosesi we Budapeşt prosesi ýaly sebitleýin gepleşik meýdançalaryna gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Taraplar bilelikdäki okuwlary geçirmek, maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak we synag başlangyçlaryny durmuşa geçirmek arkaly amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşykda Migrasiýa boýunça maslahat beriş merkezleriniň ICMPD tarapyndan amala aşyrylýan öňdebaryjy taslamalaryň biri bolup durýandygy hem bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar howpsuz, düzgünleşdirilen we kadalaşdyrylan migrasiýany ilerletmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, anyk taslamalary we hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny durmuşa geçirmek arkaly özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek barada ylalaşdylar.
Serhet howpsuzlygy boýunça bütindünýä kongresi hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, serhet dolandyryşyny kämilleşdirmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň hem-de sebit guramalarynyň wekillerini bir ýere jemleýär. Forum 17-nji aprele çenli dowam eder.