img
img
img
img
img
img
29 aprel 2026
76

Türkmenistanyň Ilçisiniň Moldowa Respublikasynda Parlament we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Moldowa Respublikasynyň Parlamentinde Türkmenistanyň Ilçisi Toýly Ataýew bilen Moldova Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, Türkmenistan bilen dostluk toparynyň başlygy Petru Burdujanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşiniň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Hususan-da, parlament derejesinde özara saparlary guramak, degişli komitetleriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek ýaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen anyk meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady bilen bagly meselelere garaldy.

Taraplar türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen parlament derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen özara duşuşyklary yzygiderli guramak barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.

Iş saparynyň çäklerinde Kişinýow şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi Toýly Ataýew Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary – Prezidenti Sergeý Harýa hem-de wise-prezidenti Mihail Bylba bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada jikme-jik pikir alyşdylar. Haryt dolanyşygyny artdyrmagyň we işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy ýurduň ykdysady kuwwaty we durmuşa geçirilýän taslamalar barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ilçisi moldowaly hyzmatdaşlaryny Türkmenistanda geçirilýän sergi-ýarmarka çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Moldowa tarapy energetika, himiýa senagaty we beýleki ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem işewürlik çärelerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.