2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäginde Durmuşa geçirmek we strategiýa boýunça toparlaryň soňky duşuşygy 19-20-nji oktýabrda Energiýa Hartiýasynyň Sekretariatynda Brýusselde geçirildi. Bu çäräniň dowamynda esasgoýujy meselelerine seredilip, olaryň arasynda noýabrda geçiriljek ministrleriň maslahatynda kabul ediljek Aşgabat deklarasiýasy, Energiýa Hartiýasynyň Ylalaşygynyň kämilleşdirilmegi, tagallalary birleşdirmek we giňeltmek çygryndaky syýasaty amala aşyrmak, şeýle hem “Energetika maýa goýamagyň howplaryny seljermek” (EIRA). Üç sany nutuk Hytaý, Eýran we Nigeriýa bilen ýörite hyzmatdaşlyga bagyşlanyldy. Garaýyşlara, nukdaýnazarlara, maksatlara we obýektiw beýannamalara degişli daşarky maglumatlaryň ara alyp maslahatlaşylmagy gürrüňdeşligiň wajyp temasy boldy. Wekiller Durmuşa geçirmek we strategiýa boýunça toparyň maksatlary hem-de wezipeleri, şeýle hem paýtagtlarda derňew işleri boýunça merkezleri bellemekgiň zerurlygy ýaly guramaçylyk nukdaýnazarlaryna garadylar.
Öňüsyrasynda Durmuşa geçirmek we strategiýa boýunça topary umumy düzgünler boýunça energetika çygryndaky maýa goýum ylalaşyklaryna ulanyljak Gollanmany ara alyp maslahatlaşmagy tamamlamak üçin mejlis geçirdi. Bu Gollanma hökmanylyk ýuridiki güýji bolmadyk hökümet ýardamyny bermek we energetika çygryndaky çylşyrymly maýa goýum ylalaşyklary boýunça gepleşiklerinde olaryň mümkinçiliklerini we hukuklaryny giňeltmek üçin gural bolup durýar.
Şeýle hem topar pudaklaýyn we ýuridiki bilermenleriň goldawy bilen taýýarlanylan suwuklandyrylan tebigy gaz boýunça şertnamalaryň çemeleşmesini mümkin boldygyndan standartlaşdyrmak baradaky nutugy ara alyp maslahatlaşdy. Mundan başga-da düzgünleşdirmegiň öňüsyrasynda maýa goýumlaryna ýardam bermek boýunça hökmüny bolmadyk görkezmeleri belleýän Durmuşa geçirmek we strategiýa boýunça topary maýa goýumlaryna ýardam bermek boýunça gurallaryň birinji ýygymynyň birinji neşiriniň ara alyp maslahatlaşmagy tamamlady we goldady. Tranzite degişlilikde, wekiller Sekretariata tranzit boýunça ýumşak hukugyň gurallarynyň ýygymyna öz ünsüni bermegi haýyş etdi. Soňra topar
Gyrgyz Respublikasynda energonetijeliligini, şeýle hem energonetijelilik çygryna uly möçberli maýa goýumlary we maliýeleşdirmegi seljerdiler (hususan hem energonetijelilige maýa goýuma degişlilikde).