Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary
2026-njy ýylyň 13-15-nji maýy aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B. Atamanowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine iş sapary amala aşyryldy.
Saparyň esasy maksady Hytaýyň nebit uniwersiteti (Pekin ş.) tarapyndan guralan «Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryna ýazan möhüm jogap hatyny öwrenmek we durmuşa geçirmek, şeýle hem “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde energetika ulgamynda ýokary bilimiň ýokary hilli ösüşi» atly simpoziuma gatnaşmakdan ybarat boldy.
Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti simpoziumyň plenar mejlisine gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy «Türkmenistan we Hytaý: ylym-bilim ulgamynda strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit-gaz pudagynyň önümçiligine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» diýen temada çykyş etdi. Çykyşyň çäklerinde halkara gatnaşyjylar golaýda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy» atly ýokary derejeli halkara ylmy-amaly maslahatyň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda döredilen bilelikdäki taslamanyň - «Lu Ban ussahanasynyň» şowly işlemegine aýratyn üns çekildi.
Iş saparynyň meýilnamasynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary medeni festiwalyň dabaraly açylyş çäresine gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde Hytaýyň bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary milli «Küştdepdi» tansyny şowhunly ýerine ýetirdiler.
Saparyň ikinji güni Hytaýyň nebit uniwersitetiniň geologiýa we himiýa barlaghanalarynyň maddy-tehniki, okuw hem-de ylmy-barlag binýady bilen tanyşmaga bagyşlandy. Türkmen hünärmenleriniň dykgatyna himiýa barlaghanasynyň okuw prosesinde emeli aň (EA) tehnologiýalaryny utgaşdyrmagyň we amaly taýdan peýdalanmagyň öňdebaryjy usullary hödürlendi.
Iş saparynyň soňky gününde «Lenovo» korporasiýasynyň ştab-kwartirasynda rektor B. Atamanowyň Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen iş duşuşygy geçirildi.
Gepleşikler Türkmenistanyň çägindäki «Lu Ban ussahanasynyň» mundan beýläkki tehnologik enjamlaşdyrylyşy baradaky meselelere gönükdirildi. Hytaý tarapy ussahanany döwrebaplaşdyrmagyň 3-nji tapgyrynyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreleriň meýilnamasyny jikme-jik hödürledi. Konstruktiw pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen tarapy merkeziň okuw we ylmy-barlag işleriniň ösüş depginini çaltlandyrmagyň möhümdigini nygtady hem-de hyzmatdaşlary ussahananyň doly güýjünde işlemegini üpjün etmek üçin işjeň amaly hereketlere geçmäge çagyrdy.