img
img
img
img
10 iýun 2026
84

Türkmenistan bilen Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmegi maksat edinýär

2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary T.Ioseliani bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem «Gruzin demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory L.Abaşidze gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şol sanda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýumlaryny çekmegiň hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini belläp, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek, ugurdaş edaralaryň hem-de işewür wekilleriň arasynda göni aragatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we geljegi uly bilelikdäki taslamalary ilerletmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.