Türkmenistanyň Ilçisi Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli döwlet çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Tokio ş.) A. Baýramow 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 128 ýyllygyna bagyşlanan döwlet çärelerine gatnaşdy.
Şol çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň baştutany Filippinler Respublikasynyň Prezidenti jenap Ferdinand Markos tarapyndan kabul edildi. Şeýle hem Daşary işler boýunça sekretary hanym Tereza Lazaro bilen söhbetdeşlik geçirildi we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar gurnaldy.
Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Merkezi Aziýa + ASEAN” formatyny döretmek meselelerini ilerletmek meselelerine hem garadylar.
Şeýle hem, saparyň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) wise-prezidenti Ý. Ýang bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda degişli taslamalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.