img
img
img
img
18 iýul 2026
64

Türkmenistanyň wekiliýeti Taýlandyň Bankong şäherinde OEWG-48 mejlise gatnaşdy

2026-njy ýylyň 13-17-nji iýuly aralygynda Bangokda Taraplaryň açyk düzümleriniň Iş toparynyň (OEWG-48) mejlisi we Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamanyň Taraplarynyň adatdan daşary 6-njy mejlisi geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda döwletleriň wekilleri Monreal teswirnamany we  Kigali düzedişini mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. 

 Döwletleriň wekilleri ozon gatlagyny goramak hem-de Kigali düzedişiniň ýerine ýetirilişi bilen bagly işjeň ylmy, tehniki we guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Howadaky sazlaýjy maddalaryň sebitleýin gözegçiligini güýçlendirmäge, sowadyjy we howa degişli enjamlarynyň energiýa täsirliligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de ozon gatlagyny goramak babatyndaky kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Mejlisiň dowamynda sowadyjy serişdeleriň dikeldilmeginiň, gaýtadan işlenilmeginiň we howpsuz ýok edilmeginiň, sowadyjylyk pudagynyň hünärmenlerini taýýarlamak we sertifikatlaşdyrmak işiniň, durnukly sowatmak işinde tebigy sowadyjy serişdeleriň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyň meselelerine seredildi.

Duşuşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Ruandanyň Kigali şäherinde geçiriljek Monreal teswirnamanyň Taraplarynyň 38-nji Mejlisine taýýarlyk görmek boýunça geňeşmeler geçirildi. Onuň çäklerinde Kigali düzedişiň kabul edilmeginiň 10 ýyllygynyň bellenilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ýokarda görkezilen çärelere gatnaşmagy halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge, tejribe alyşmaga, ozon gatlagyny goramak babatynda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, şeýle-de durnukly ösüşiň ýörelgelerini ilerletmäge mümkinçilik berýär.