2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak bilen telegepleşik ýazgy edildi.
Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar, hem-de Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, dünýä energetika bazaryndaky ýagdaýlar barada özleriniň düşünjelerini we bilimlerini artdyrdylar.
Telegepleşigiň dowamynda myhman 2014-nji ýyldan başlap Energetika Hartiýanyň Konferensiýasyna ýylboýy bir döwletiň başlyklyk etmek tejribesi girizilendigini aýdyp, 2016-njy ýylyň 25-26-njy noýabrynda Tokioda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisiniň jemlerinde Türkmenistanyň 2017-nji ýylda bu guramanyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanyp, häzirki wagtda bu işi üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtady.
Şeýle hem myhman Türkmenistanyň 1997-nji ýylyň 17-nji iýulynda bu gurama agza bolandygyny belläp, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasy bilen hyzmatdaşlygynda 2014-nji ýylyň 9-njy dekabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi» atly maslahatynyň uly ähmiýetiniň bolandygyny aýtdy. Ýokarda ady agzalan forumdan soňra, şol ýylyň 10–11-nji dekabrynda Aşgabatda halkara bilermenler toparynyň birinji duşuşygy geçirildi. Bilermenleriň nobatdaky halkara duşuşyklary 2015-nji ýylyň 22-nji aprelinde Belgiýa Patyşalygynyň paýtagty Brýusselde, 2015-nji ýylda Pekinde, 2016-njy ýylda bolsa Albaniýanyň paýtagty Tiranada, 2017-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçirildi diýip, hormatly myhman belledi.
Geçirilen telegepleşigiň dowamynda jenap Urban Rusnak talyplar bilen Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygyndaky ähmiýetli orny, bitarap ýurt hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki başlangyçlary, ýaşyl ykdysadyýet bilen alternatiw energiýanyň mümkinçilikleri, geljekde dünýäde energiýanyň sarp edilişi hakynda sorag-jogap alyşdy.