2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň Gruziýanyň Hökümetiniň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Miheil Janelidze bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, taraplar onuň geljekki ösüşine hemmetaraplaýyn meýillerini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Halkara ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini belläp, taraplar hyzmatdaşlygyň hakyky maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýän döwrebap mehanizmleri işläp taýýarlamaklygyň mümkinçiliklerini görkezdiler.
Ýurduň amaly hereketlerindäki teklipleriniň mazmunyny we ugruny kesgitleýän energetika syýasaty barada aýdyp, taraplar bu ulgamda, halkara energetika özara gatnaşyklaryny ösdürmekde tagallalary birleşdirmekde gyzyklanmalaryny aýtdylar.
Geljekki hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegiň täze mümkinçiliklerini kesgitläp, taraplar iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hereket edýän mehanizmlerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.