icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

25 awgust 2018

2950

PRESS-RELIZ

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiň netijeleri boýunça

2018-nji 24-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.

Sammitiň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Duşuşygyň esasy maksatlary - edilen işleriň deslapky jemini jemlemek, AHHG-nyň çäklerinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze, anyk, şol sanda Gaznanyň işini kämilleşdirmek bilen bagly ugurlaryny maslahatlaşmak, şeýle hem döwletleriň halkara düzümler, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynda garaýyşlaryny we ugurlaryny kesgitlemek.

Duşuşykda Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri Aral deňziniň basseýni bilen bagly ekologiýa, suw hojalyk we durmuş-ykdysady ýagdaýlary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm meselelere seretdiler.

AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlary öz çykyşlarynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna gatnaşyjy döwletleriniň hyzmatdaşlygy üçin sebit ähmiýetli meseleleriň tutuş toplumyny çözmek, şol sanda Aral deňziniň basseýninde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen sebit taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýoly boýunça köptaraply platforma hökmünde seredýändiklerini bellediler hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşykda Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri täze wehimleri öz wagtynda çözüp bilmäge ukyply bolan netijeli we durnukly edaranyň guralyny döretmek maksady bilen AHHG-nyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk hem kämilleşdirmäge taýýardyklaryny bellediler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň milli bilermenleri tarapyndan halkara hyzmatdaşlary çekmek bilen işlenip taýýarlanan Aral deňziniň basseýniniň ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça Maksatnamasynyň Konsepsiýasyna seredildi we tassyklanyldy.

Sammitde Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça Maslahatynda (Rio+20) öňe süren başlangyjy hakykat ýüzünde amala aşdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan goldanan hem-de 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) arasynda hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýasy Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak üçin hukuk esasy bolup hyzmat etdi.

Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Sebitleýin Maksatnamasyny işläp taýýarlamak goldanyldy. Sebitleýin maksatnama döwletleriň ekologiýa boýunça DÖM we BMG-niň tebigaty goramak konwensiýalaryna ýetmekde öz borçlaryny, Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň çözgütlerine gabat gelýän tebigat we «ýaşyl» ykdysadyýeti ulanmak boýunça Pariž ylalaşygyny, Batumi başlangyjyny hem-de AHHG-da Türkmenistanyň Başlyklygynyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegi üpjün eder.

Duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan Aral deňziniň meselelerini çözmekligiň AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň ileri tutýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.

Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi