icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

25 aprel 2022

2841

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitindäki çykyşy

(2022-nji ýylyň 23-nji apreli)

Siziň Alyhezretiňiz!

Hanymlar we jenaplar!

Men şu sammite çagyrandygy we onuň üstünlikli geçmegi babatda döredilen şertler üçin Onuň Alyhezreti, Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Fumio Kisidä, Ýaponiýanyň Hökümetine hem-de Aziýa — Ýuwaş umman Suw forumyna minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Aziýa — Ýuwaş umman sebiti häzirki döwürde ählumumy ösüşiň we ilerlemegiň iň kuwwatly sebitleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişlilikde, sebitiň döwletleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Bu döwletleriň dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak hem-de peýdalanmak meselesine çemeleşmeleri umumy halkara durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde görülýär. Milli, sebit derejesinde durmuş-ykdysady taslamalar hem-de maksatnamalar amala aşyrylanda, bähbitleriň köptaraplaýyn hasaba alynmagyna, oýlanyşykly deňeçerlige we zelelleri azaltmaga esaslanýar.

Bu ugurda bilelikdäki işiň esasy şertiniň suw serişdelerine deň hem-de adalatly elýeterlilik ýörelgesine gürrüňsiz eýerilmegi, onuň adamyň esasy hukuklary hökmünde ykrar edilmegi bolup galmalydygyna ynanýaryn. Biziň düşünişimizçe, hut suwa elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmegi we munuň üçin jogapkärçilik ähli döwletler üçin borja öwrülmelidir. Bu häzirki şertlerde aýratyn möhümdir. Sebäbi koronawirus pandemiýasy dünýä ykdysadyýetine düýpli zelel ýetirdi. Ählumumy azyk howpsuzlygyna zyýan berip, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge ýaramaz täsir etdi.

Biziň ýurdumyz suw meselesi boýunça dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen maksatnamalaýyn resminamalar esasynda ysnyşykly hem-de yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Bu resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň 2012-nji ýyldaky «Rio+20» maslahatynda, 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, 2018-nji ýylda ýokary derejede guralan Duşenbe halkara maslahatynda we beýleki möhüm forumlarda kabul edildi.

Olara Türkmenistanyň hödürlän başlangyçlary örän anyk häsiýete eýedir hem-de adamlaryň hakyky islegleri, sebiti ösdürmegiň we hyzmatdaşlyk etmegiň maksatlary bilen baglydyr. Şolaryň hatarynda Aral deňziniň sebiti üçin Birleşen Milletler guramasynyň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini guramanyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky teklibi görkezmek bolar. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasyny; Aral sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek hakyndaky başlangyjy belläp bileris. Şonuň ýaly-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy gorap saklamak boýunça Hereketleriň sebitleýin meýilnamasyny hem-de ençeme beýleki çäreleri agzamak bolar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan hem-de 19 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy suw meselesinde Merkezi Aziýa üçin halkara meýilnamalary amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup durýar.

Biziň bu ugurdaky garaýşymyz düýpli we yzygiderlidir: Türkmenistan suw-energetika meseleleri:

— birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda;

— ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen;

— üçünjiden halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir diýip hasap etdi we hasap edýär. Men bu ýörelgeler umumy häsiýete eýedir hem-de halkara bileleşigiň suw meselesine çemeleşmelerinde ulanarlyklydyr diýip pikir edýärin.

Şu ýerde Türkmenistanyň milli derejedäki tagallalaryny hem bellemek isleýärin. Gürrüň, hususan-da, Türkmenistanyň 2014-nji ýylda kabul edilen Suw hakynda kodeksi barada barýar. Bu kodeks suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, gorap saklamagyň, öwezini dolmagyň, olary hapalanmakdan, zaýalanmakdan we azalmakdan goramagyň ylmy taýdan esaslandyrylan has netijeli kadalaryny işläp taýýarlamak hem-de ulanmak üçin esasy toplumlaýyn maksatnama bolup durýar.

Garagum sährasynda özboluşly “Altyn asyr” emeli kölüniň döredilmegi iri taslamalaryň hatarynda durýar. Bu emeli suw howdanynyň, çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanda hem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hem uzak möhletli ekologik abadançylygy üpjün etmegiň üstünde netijeli işlemäge şert döreder.

Şular ýaly giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirip, biz suw meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlyk milli derejede iş alyp barmagyň degişli kadalaryna berk esaslanmalydyr diýen ýörelgeden ugur alýarys. Munuň özi biri-biriniň üstüni ýetirýän, özara aýrylmaz baglanyşykly ýagdaýlardyr. Şu meselede biz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen has ysnyşykly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, toplanan tejribäni giňden alyşmaga we peýdalanmaga bil baglaýarys.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Türkmenistan bu sammitiň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri doly goldaýar.

Bu çäräniň jemleri boýunça kabul ediljek Jarnama mundan beýläk-de maksada gönükdirilen, anyk halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas bolar diýip garaşýarys. Häzirki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, uzak möhletli ugurlary kesgitlemäge şert döretjekdigine ynanýarys. Bu ugurda sebit hem-de ählumumy ösüş meýilnamalary bilen suwdan peýdalanmagyň milli maksatnamalaryny utgaşdyrmak boýunça innowasion nusgalary hem-de dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamakda ähmiýetli bolar diýip hasap edýäris.

Men sammite gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw edýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi