2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa-Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Fransiýanyň Senatynyň ykdysady meseleler boýunça toparynyň wise-prezidenti senator Frank Menonwil we senator Arno de Belene hem gatnaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy, ýurtlaryň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we pugtalandyrmak, şeýle hem Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň wekiliýetiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi boldy.
Söhbetdeşler Aşgabada saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Arkadag – türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösmegine uly itergi berendigini belläp geçdiler.
Duşuşykda Ilçi M.Çaryýew fransuz senatorlaryna, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüş ýoluny kesgitleýän soňky Konstitusion üýtgetmeleri, ilatyň giň gatlaklarynyň ýurt üçin möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün edýän täze döredilen Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy – Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.
Şeýle hem Ilçi M.Çaryýew söhbetdeşligiň dowamynda senatorlary täzeçil we innowasion şäherleriň nusgasyna öwrülmeli Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi – Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrdy.