2023-nji ýylyň 1-nji martynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratow Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili bilen duşuşdy.
Taraplar soňky ýyllarda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we aç-açanlyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösýändigini we berkeýändigini, özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze sepgitlere ýetmegine, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň esas bolup durýandygy aýratyn bellenilip geçildi.
Bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun degişli bolup durýan söwda we ykdysady ugurlary, şol sanda, energetika pudagy, şeýle hem, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp multimodal ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijesinde amatly şertleri döredilen ulag ugurlary esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda, üstümizdäki ýylda Türkmenistanda we Gruziýada meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we berkitmekde täze garaýyşlary we hemmetaraplaýyn ösüş mümkinçilikleri açyp, häzirki döwürde özüniň ýerlikliligini we ähmiýetini aýdyň görkezýär diýip bellediler.