icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

20 mart 2023

2722

Awstriýanyň Wena şäherinde Halkara Nowruz baýramy bellenildi

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Wena şäherindäki Park Hyatt myhmanhanasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ilçihanalary we “Society” žurnalynyň redaksiýasy bilelikde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp medeni çäre guramaçylykly geçirildi.

Bu çäräniň çäklerinde aýdym-sazly konsertler, sergiler hem-de milli tagamlaryň sergisi guraldy. Türkmenistanyň ilçihanasynyň sergi pawelýonynda elde dokalan halylar, milli şaý-sepler, milli ýadygärlik sowgatlary ýerleşdirildi. Şol bir wagtyň özünde sergi meýdançasynda gurnalan türkmen halkynyň naýbaşy şahyry Magtymguly Pyragynyň surat şekili hem-de onuň kitaplary we goşgulary çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Şeýle hem çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň ýetip gelýändigini belläp geçdi we akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi bilen tanyşdyrdy. Sergä gatnaşyjylarda beýik nusgawy türkmen şahyrynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgular ýygyndysy uly gyzyklanma döretdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi