2023-nji ýylyň 13-17-nji martynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 66-njy mejlisiniň çäklerinde “Işjeň dialog - Neşe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak” atly ugurdaş çäre geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” halkara ýylyň barşynda gurnalan bu çärä UNODC, CARICC guramalarynyň, Merkezi Aziýa we beýleki sebitleriň ýurtlarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda neşe serişdeleriň bikanun dolanşygyna garşy gönükdirilen tejribeler, üstünlikler we öňde duran wezipeler barada pikir alşyldy.
Şol bir wagtyň özünde BMG-niň Neşe serişdeler baradaky komissiýasynyň dünýäniň ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemläp, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň öňüni almaga gönükdirilen wezipeleri ilerletmekde, taraplaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmakda we berkitmekde wajyp ornunyň bardygy bellenildi.
Bu ýygnak Türkmenistanyň Hemişelik Wekilhanasy tarapyndan UNODC guramasynyň Merkezi Aziýadaky sebitleýin edarasy we CARICC guramasy bilen bilelikde gurnaldy.