2023-nji ýylyň 21-nji martynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň binasynda Türkmenistanyň ilçihanasy beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary, Türkiýe we Azerbaýjanyň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre gurady.
Onuň dowamynda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman, goranmak ministriniň kömekçisiniň orunbasary Rebekka Zimmerman we ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) başlygynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur ABŞ-nyň hökümetiniň adyndan gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Bu çäräni guraýjylaryň adyndan Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi M.B.Orazow minnetdarlyk sözleri bilen çykyş etdi.
Nowruz baýramyna ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, Kongresiň, ylmy-gözleg institutlarynyň, işewür toparlaryň wekilleri, ABŞ-da ýerleşýän beýleki ilçihanalarynyň diplomatlary gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlaryndan gelen aýdym-saz we tans toparlary milli tanslary we aýdymlary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de dabaranyň çäklerinde myhmanlar üçin sebitimiziň taryhyny we medeniýetini tanadýan milli sungat eserleri, senetleri we el işleriniň sergisi guraldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara milli tagamlar we süýjülikler hödür edildi.