2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi we Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky Hemişelik wekili M.Çaryýew ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça orunbasary Firmin Eduard Matoko bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda döredijilikli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň amaly taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi bilim, medeniýet, ylym we tehnologiýa ýaly ugurlarda kanagatlanma bilen bellendi.
F.E.Matoko ÝUNESKO tarapyndan gurnalýan köp sanly taslamalara gatnaşýandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda Ilçi ýörite hukuk ýagdaýyna eýe bolan – döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri bilen tanyşdyrdy. Ol Arkadag şäherini häzirki zaman binagärliginiň we şäher gurluşygynyň iň ýokary ülňülerine laýyklykda döredilen özboluşly taslama hökmünde häsiýetlendirdi.
Türkmenistanyň bu taslamada ulanylýan sanly tehnologiýalar babatynda gazanan üstünlikleriniň aýratyn ünsi çekmelidigi bellenildi. Täze şäheriň «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda sazlaşykly işlär.
ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary durnukly ösüş düşünjesini, şeýle hem innowasiýa we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýaly ÝUNESKO-nyň degişli mandatlaryna esaslanyp, Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanan üstünliklere ýokary baha berdi.