2023-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Ýerli dolandyryş, oba işleri we ýaşaýyş jaý gurluşygy ministri Majid bin Abdullah bin Hamad Al-Hokaýliň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýaşaýyş jaý gurluşygy, gurluşykda ekologik taýdan arassa materiallaryň ulanylmagy we “akylly” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Arkadag şäheri barada tanyşdyrylyş maglumaty berdi.
Saud tarapy Arkadag şäherindäki infrastrukturanyň hil taýdan halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýykdygyna, hususan-da, onuň Türkmenistanyň ýerli gurluşyk şereketleri tarapyndan gurulýandygyna ýokary baha berdi.
Taraplar, şeýle hem, şäher gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki doganlyk ýurduň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen ýörite iş topary döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.