icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 aprel 2023

1978

Beýik Britaniýada Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Beýik Britaniýanyň “akylly” şäherleriniň hataryna girýän Milton-Kins şäheriniň häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň wekilleriniň Milton-Kins şäheriniň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşygy hem-de onuň dowamynda Arkadag şäheri bilen giňişleýin tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýaniýadaky Ilçisi Ý.Serýaýew öz çykyşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler barada gürrüň bermek bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, Arkadag şäheri boýunça alnyp barylýan işler barada duşuşyga gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdy we degişli foto şekiller bilen birlikde maglumatlary beýan etdi.

Çäräniň dowamynda britan tarapy, Milton-Kins şäheri barada, onuň taryhy, ilaty, “akylly” şäher hökmünde dürli ugurlarda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, şäheriň ykdysady ösüşi, 2050-nji ýyla çenli ösüş maksatnamasy barada maglumatlar berdi.

Şeýle-de Milton-Kins şäheriniň Dolandyryş edarasynyň Geňeşiniň ýolbaşçysy Piter Marland öz çykyşynda Milton-Kins şäheriniň daşary ýurtlaryň “akylly” şäherleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi. Arkadag şäheri bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we Milton-Kins şäheriniň dolandyryş edarasynyň wekilleriniň Türkmenistana sapary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirilýändigi bellendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi