icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 maý 2023

1144

Yslamabatdaky NUML uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Pakistanyň Häzirki zaman dilleri milli uniwersitetiniň (NUML) rektory Muhammad Jaffar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen-pakistan gatnaşyklary we ylym-bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistan tarapyna Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi barada gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrylyş geçirildi.

Türkmen tarapy ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny bellemek bilen, TOPH we TOP bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.

Pakistan tarapy Arkadag şäheriniň gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem Pakistanyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşjak TOPH we TOP taslamalaryň tiz wagtda durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belledi.

Taraplar ylym-bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bilelikdäki çäreleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we NUML uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi