icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 maý 2023

1394

Gruziýanyň Parlamentinde “Türkmenistan-Gruziýa” Parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen dyşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň deputaty, Hukuk meseleleri boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary, “Türkmenistan-Gruziýa” Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli syýasy gepleşikleriň işjeň ösdürilmeginiň, ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrmagynyň, energetika, ulag pudaklarynda ýakyn arabaglanyşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynyň esasynda oňyn türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ähmiýetini, şeýle hem, iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyny belläp geçdiler.

Şol bir wagtyň özünde, ýola goýlan parlamentara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini bellemek bilen, iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine hem aýratyn üns berildi. Duşuşykda gruzin parlamentariýleriniň Türkmenistana boljak sapary bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtadylar hem-de däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeň ösdürilmeginiň iki ýurdyň halklarynyň hatyrasyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi