2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen konferensiýa gatnaşmak üçin Gruziýa gelen türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekillerini Gruziýanyň Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkezi bilen tanyşdyryş çäresini gurnady.
Myhmanlar merkeziň arhiwinde saklanýan taryhy golýazmalar, taryhy ähmiýete eýe bolan arap, pars we türk dillerinde neşir edilen taryhy resminamalar ýygyndylary bilen tanyşdylar.
Şeýle hem, saparyň dowamynda Merkeziň müdiri Zaza Abaşidze bilen hem duşuşyk geçirildi, onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň arasynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň alymlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ylmy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy, halkara derejesinde bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki halkyň arasyndaky medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam boljakdygyny bellediler.