icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

31 maý 2023

1950

ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda 1970-nji ýylyň Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 7-nji duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 30-njy maýynda, Ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili M.Çaryýew Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen 1970-nji ýylyň «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna» gatnaşyjy döwletleriň 7-nji duşuşygyna gatnaşdy.

Mejlisiň açylyş sessiýasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary jenap Ernesto Ottone Ramirez, 2022-nji ýylda Konwensiýa goşulan Türkmenistan we Malawi Respublikasyny gutlady.

Ilçi M.Çaryýew öz çykyşynda ähli agza döwletlere şu Konwensiýanyň tassyklanmagy bilen baglanyşykly Türkmenistana iberilen gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilçi Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasynyň bardygyny, bu ýurduň diňe bir özboluşly taryhyny görkezmän, eýsem dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini hem belläp geçdi. Konwensiýanyň işiniň bir bölegi hökmünde biz diňe bir bu gymmatlyklary goramak bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýä olara baha berip biler ýaly, olaryň ýaýramagyny öňe sürýäris. Konwensiýanyň doly agzasy hökmünde öz borçlarymyzy ýerine ýetirmäge we beýleki agza döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy, medeni mirasy gorap saklamak babatynda bilim we tejribe alyşmaga çalyşýarys” - M.Çaryýew belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda, gatnaşyjy döwletleriň duşuşygynyň kömekçi komitetiniň agzalygyna saýlawlar geçirildi.

1970-nji ýylyň Konwensiýasy medeni mirasyň bikanun söwdasyndan goramaga gönükdirilen halkara şertnamadyr. Konwensiýa medeni mirasyň ogurlanmagynyň we söwdasynyň öňüni almak üçin görkezmeleri we düzgünleri kesgitleýär.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň bu Konwensiýasyna 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda goşuldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi