icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

07 iýun 2023

1771

ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa agza-döwletleriň dokuzynjy maslahaty geçirilýär

2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçýän «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa» agza-döwletleriň dokuzynjy maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatyň açylyşynda Prezidiumyň agzalary saýlandy, maslahatyň gün tertibi we sekizinji maslahatyň jemleýji hasabaty tassyklandy. Sekretariat, 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygyndaky işler baradaky hasabatynda agza döwletleriň ьфыдфрфентнзmaslahatynyň soňky mejlisinden bäri üç sany täze döwletiň Kapo Werdeniň, Pakistanyň we Türkmenistanyň bu Konwensiýa goşulandygyny habar berdi.

Konwensiýa agza döwletleriň wekilleri maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşlarynda bu ýurtlary 2005-nji ýyldaky Konwensiýa we medeni dürlüligiň halkara hereketine goşulandyklary bilen mähirli gutladylar.

Ilçi M.Çaryýew öz çykyşynda Türkmenistanyň sungatyň, senetleriň, aýdym-sazlaryň we tanslaryň däp bolan görnüşlerini gorap saklamak, şeýle hem medeni dürlüligi we medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri ösdürmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi. Ilçi, Türkmenistanda medeni merkezleriň we muzeýleriň döredilendigi, medeni festiwallaryň geçirilýändigini, dürli medeni däp-dessurlara has çuňňur düşünmäge goşant goşýan çeper alyş-çalyşlaryň goldanýandygyny nygtady.

Şeýle hem Ilçi Türkmenistanyň Konwensiýanyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmeäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi hem-de ÝUNESKO we ähli gatnaşyjy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydygyny belläp geçdi.

Şu ýylyň 6-8-nji iýuny aralygynda geçirilýän Dokuzynjy maslahatda, Konwensiýa gatnaşýan 152 döwletiň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri Konwensiýanyň ýerine ýetirilişine we pandemiýadan soňky döwürde medeni we döredijilik pudaklarynyň öňünde durýan esasy kynçylyklara syn bererler. Hususan-da, sanly gurşawda medeni aňlatmalaryň dürlüligini ýokarlandyrmagyň, medeni önümler we hyzmatlar üçin ýeňillikli bejeriş çärelerini üpjün etmegiň we suratkeşleriň we medeni hünärmenleriň ýagdaýyny berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistan «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa» 2021-nji ýylyň iýul aýynda goşuldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi