2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda, saparyň ikinji güninde, Päkistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi.
Duşuşykda türkmen tarapy Premýer-ministri, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky iri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişi barada maglumat berdi.
Päkistanyň Premýer-ministri, Pakistanyň energiýa zerurlygyny kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejek TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalaryny Päkistanyň hökümetiniň doly goldaýandygyny tassyklady.
Duşuşykdan soňra Premýer-ministriň gatnaşmagynda, TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň bilelikdäki Meýilnamasyna gol çekildi.
Premýer-ministr gol çekmek dabarasynda çykyş edip, TOPH taslamasynyň sebitiň ösüşi üçin örän möhüm taslamadygyny we sebitleýin hyzmatdaşlyk döwrüni getirjekdigini aýtdy.
Bilelikdäki meýilnama gol çekilmegi, her bir gatnaşyjy ýurtlar we umuman sebit üçin taryhy ähmiýete eýe bolan, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ädim boldy.
Şol gün Türkmenistanyň Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Päkistanyň Guryýer goşunlarynyň dolandyryş merkeziniň başlygy general Asim Munir bilen duşuşdy. Türkmen tarapy, TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. Bilelikdäki iri taslamalaryň ähmiýetini tassyklap, Päkistan tarapynyň agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde doly goldaw berjekdigini ynandyrdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Päkistana saparynyň dowamynda, TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalary boýunça tehniki hünärmen derejede netijeli duşuşyklar hem geçirildi.