icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

08 iýun 2023

1893

Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda bilim ministrleriniň Halkara forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda Kazanda geçirilýän "Geljegi döretmek" atly bilim ministrleriniň Halkara forumyna gatnaşýar.

Forumda Türkmenistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür, Senegal, Mali, Zimbabwe, Merkezi Afrika Respublikasy, Siriýa Arap Respublikasy, Pakistan, Mýanma, Şri-Lanka, Kuba, Wenesuela, Belarus, Gyrgyzystan, Täjigistan we Gazagystan ýaly 20-den gowrak ýurtdan bilim ministrleri ýygnandy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin forumda wideoýüzlenmesi bilen çykyş etdi. Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministri Sergeý Krawtsow, Ylym we Ýokary bilim ministri Waleriý Falkow we beýleki rus we daşary ýurt işgärleri hem çykyş etdiler. mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar bilimiň ykdysadyýeti ösdürmekdäki orny, ýokary hilli bilimiň elýeterli bolmagy, bilim bermegiň täze usullary, ýaşlar bilen işlemek, çagalaryň dynç almagy, çagalar bilen işlemek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň çäginde ýöriteleşdirilen sergi geçirildi, bu ýerde bilim we usulyýet gollanmalary, okuw otaglary , barlaghanalar we hünärden öňki synplarüçin esbaplar we enjamlar görkezildi.

Türkmen wekiliýeti Halkara forumyň çägindäki çärelerine, bilim ministrleriniň köptaraplaýyn duşuşygyna, Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň we käbir rus uniwersitetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklara gatnaşar we Kazan şäherindäki "Полилингвальный комплекс "Адымнар - путь к знаниям и согласию" atly ýöriteleşdirilen mekdebiň bilim bermek prosesi bilen tanyşar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi