icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

12 iýun 2023

1590

Özbegistanda «Dünýa ýaň salýan Magtymguly» atly dialog - maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 8-10-njy iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäraniň çäklerinde «Dünýä ýaň salýan Magtymguly» dialog-maslahaty geçirildi.

Dabaraly çärä Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ýa.Mämmedow, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Buhara welaýatynyň häkimi B.Zaripow, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň ýolbaşçylary, türkmen taryhçy-alymlary, habar beriş serişdeleriň wekilleri, Buhara welaýatyndaky ýokary okuw jaýlarynyň magtymgulyşynas professor-mugallymlary, türkmen talyplary hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň ilçisi häzirki wagtda Türkmenistanda türkmen edebiýatynda çuňňur yz galdyryp, ony dünýä tanadan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede bellemek bilen baglanyşykly dabaralaryň başlanandygy barada habar berdi.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar bu maslahatyň ähmiýetini nygtap, meşhur söz ussady Magtymguly Pyragynyň belent ynsanperwer taglymatlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýandygyny beýan etdiler.

Soňra maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Buhara welaýatynyň häkimi köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy iki ýurdyň döwlet Baştutanlarynyň taýsyz tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.

Maslahatyň dowamynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk  we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi. Şol bir wagtda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň we bu ugurdaky ylmy gözlegleriň netijeleri barada jikme-jik durup geçdiler.

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Buhara şäheriniň «Gadymy şäher» ýadygärlikler toplumyna we Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesine hem-de beýleki taryhy ýadygärliklere aýlandylar we Magtymguly Pyragynyň ýaşan we bilim alan ýerleri bilen tanyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi