Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Birleşen Milletler Guramasynyň Okuw we ylmy-barlag institutynyň (UNITAR) 60 ýyllyk şanly senesi hem-de UNITAR-yň Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde ýerleşýän edarasynyň 20 ýyllygy mynasybetli çärä gatnaşdy.
Çärä gatnaşyjylar durnukly ykdysady ösüş arkaly parahatçylygy we abadançylygy ösdürmek, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen bagly daşky gurşawy gorap saklamagy we 2030-njy ýylyň gün tertibini üpjün etmek maksady bilen tehnologiýany ulanmagy düzgünleşdirmekde BMG-niň agza döwletleriniň milli we ýerli hökümet işgärlerini taýýarlamakda bu halkara guramanyň möhüm ornuny bellediler.
Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, UNITAR-yň ýerine ýetiriji direktory N.Seth, Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ý.Haýaşi, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň deputatlary, daşary ýurt diplomatlary we halkara syýasatçylar gatnaşdy.