icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 iýul 2023

2775

Ýadro we radiasiýa howpsuzlygy boýunça halkara kadalaryň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu günler Halkara atom energiýasy agentligiň (IAEA) binasynda Türkmenistanyň goranmak hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we IAEA-iň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirilýär.

 Agentligiň Baş direktorynyň orunbasary, ýadro howpsuzlygy we goraglylygy departamentiniň başlygy Lydie Ewrard bilen geçirilen duşuşykda IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi. Hususan-da, Ýadro hadysasy barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa hem-de Adatdan daşary radiasiýa ýagdaýynda ýa-da ýadro hadysasynda ýardam bermek hakyndaky Konwensiýa babatynda özara pikir alyşyldy.

Şol bir wagtyň özünde, ýadro we radiasiýa howpsuzlygy boýunça häzirkizaman halkara kadalaryna aýratyn üns berilýändigi bellenildi we bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi