icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

29 iýul 2023

3941

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

2023-nji ýylyň 27-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlikleriniň, degişli hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Geňeşmeleriň güň tertibine laýyklykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konsullyk ulgamyna degişli möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Özbegistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça tekliplere garaldy.

Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini düzgünleşdirýän Teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi