icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

19 awgust 2023

1906

Türkmenistanyň Ilçisi Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdulyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy barada nygtap geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda, Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdul, şu ýylyň dowamynda özüniň Türkmenistana saparyny amala aşyrmaklyga gyzyklanma bildirdi. Ilçi hem öz gezeginde gelejekde amala aşyryljak saparlaryň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berer diýip nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi