icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

04 sentýabr 2023

1567

Brýusselde "Türkmenistanyň medeni hazynalary" atly çäre geçirildi

2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy «Diplomatic World» instituty bilen bilelikde "Türkmenistanyň medeni hazynalary" atly sergi gurnady. Bu çäre Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we Belgiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Çärä Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň wekilleri, şol sanda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Terri Hakala, Ýewropa Parlamentiniň agzalary, Brýusselde akkreditirlenen diplomatik gullugyň ýolbaşçylary we dürli Ýewropa guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Belgiýanyň taryhçysy, Brýusseliň Erkin uniwersitetiniň professory, doktor Ýan de Maýeriň ýygyndysyndan gadymy türkmen şaý-sepleriniň görkezilmegi serginiň esasy wakalarynyň biri boldy.

Şeýle hem sergide türkmen halylary, dutar, gyjak we deprek ýaly milli saz gurallary we milli egin-eşikler görkezildi.

Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Belgiýa, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem biziň ýurdumyz bilen täsirli özara gatnaşyklaryň çäginde medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine goşant goşar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi