icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 sentýabr 2023

2511

Yslamabatda edebiýat agşamy

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap edebi agşam geçirdi.

Çäre türkmen halkynyň Milli Lidery, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymgyly Pyragy” atly täze goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen başlandy. Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň baý mirasyna bagyşlanan bu eseriň Arkadagyň şahyrana zehinini ýene bir gezek görkezendigini nygtadylar.

Edebi agşamyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada pikir alyşdylar we giň dünýägaraýyş bilen şahyrana paýhasa ýugrulan goşgularyny okadylar. Beýik ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen edebiýatyna hem ruhy dünýäsine däl, eýsem, Gündogaryň halklaryna öz täsirini ýetirendigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi