icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

23 sentýabr 2023

1683

"Hytaý - Merkezi Aziýa" seljeriş merkezleriniň forumy barada

2023-nji ýylyň 21-22-nji sentýabrynda Siýanda (HHR) üçünji “Hytaý - Merkezi Aziýa” seljeriş merkezleriniň üçünji forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem sebit derejesinde özara gatnaşyk meselelerini beýan etdiler.

Türkmen tarapy, ählumumy gün tertibinde esasy meseleleri çözmekde çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň meňzeşligini nygtady.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda deňhukuklylygyň we adalatyň berjaý edilmegini, döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýmagy we garaşsyz döwletleriň içerki işlerine goşulmazlygy, durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan halkara terrorçylyga, ekstremizme we garşy göreşmek boýunça görülýän täsirli çäreleri goldamagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi