2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda Çikago şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.
30-njy sentýabrda “Hoffman-Estates” kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistanyň daşary syýasaty we halkara hyzmatdaşlygy: Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherine bolan taryhy sapary" mowzugy bilen okuw maslahaty geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda öňe süren halkara we sebit başlangyçlarynyň taryhy ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty babatynda halkara jemgyýetçiliginiň berýän ýokary bahasyny nygtadylar.
Günüň ikinji ýarymynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi, oňa ABŞ-nyň dürli uniwersitetlerinde okaýan türkmen raýatlaryndan düzülen ýaşlar toparlary gatnaşdylar.
1-nji oktýabrda “Allegra” dabaralar zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi we onuň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we edebiýaty boýunça onlaýn-wiktorina geçirildi.
Ýeňijilere Ilçihananyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.