icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

03 oktýabr 2023

1550

Türkmenistan «Kitap Duşenbe-2023» atly Halkara kitap sergisine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Duşenbe şäherinde, «Kitap Duşenbe-2023» atly 11-nji Halkara kitap sergisi geçirilýär. Serginiň işine Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik korpus bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ilçihanasy milli öwüşgünde bezelen öz kitap diwarlygy bilen gatnaşýar.

Halkara kitap sergisinde Garaşsyz we Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna, şeýle hem döwletiň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan kitaplar we neşirler hödürlenýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri sergide aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenistanyň kitap diwarlygynda baý, köptaraply türkmen medeniýeti, taryhy we sungaty barada beýan edilýän çeper eserler, ylmy eserler we döwürleýin neşirler hem görkezilýär.

Halkara serginiň çäklerinde Ilçihana tarapyndan Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp neşir edilen ýörite žurnalyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Täjigistanyň medeniýet ministrliginiň, Milli kitaphanasynyň, Milli muzeýiniň ýolbşçylary, Duşenbede işleýän diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi