icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

13 oktýabr 2023

1668

Türkmenistanyň wekilleri Bütindünýä mirasynyň şäherler guramasynyň forumyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 10-13-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Kýonji şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň Bütindünýä mirasynyň şäherler guramasynyň dördünji sebit forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde türkmen tarapy gadymy Köneürgenç şäheriniň taryhy-medeni mirasy barada çykyş etmek bilen, onuň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik eserleri we ýadygärlikleri bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň taryhyna we häzirkizaman ösüşine, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo görkezildi.

Sebit maslahaty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin maddy we maddy däl medeni mirasy ulanmak mowzugyna bagyşlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi