icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 oktýabr 2018

3687

Türkmenistan we ÝB halkara meselelerini we energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýusselde iş saparynda boldy.

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasary j-p Maroş Şewçowiç bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen energetika ulgamynda özaragatnaşygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili h-m Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geljekdäki hyzmatdaşlygyň we aragatnaşygyň nukdaýnazarlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar sebitleýin howpsuzlygyň meselelerine degip geçdiler.

Soňra Ýewropa Komissiýasynyň mobillik we ulag boýunça Kabinetiniň başlygy j-p Matež Zakonşek bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýany Ýewropa ýurtlary bilen birleşdirip biljek ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynda durnukly ulag pudagyndaky rezolýusiýalary baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bu ugur boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan strategiýanyň Ýewropanyň we Aziýanyň özarabaglanşygy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasy bilen gabat gelýändigi bellenildi. 

Soňra Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň özaragatnaşygynyň meseleleri Ýewropa Parlamentiniň deputatlarynyň we Ýewropa Komissiýasynyň düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi