2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Samarkand şäherinde (Özbegistan Respublikasy) “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özarabähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň birinji duşuşygynyň çäklerinde taraplar Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we rowaç ösüşi pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gatnaşyjylar tarapyndan Owganystanda howpsuzlygyň üpjün edilmeginde “TOPH” ýaly iri göwrümli taslamalaryň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.
“Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň birinji duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Mundan başga-da, iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdi.