Türkmenistan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine düýpli taýýarlyk görüp başlady. Taryhda birinji iri hazarýaka forumynyň geçirilýän senesiniň Hazar deňziniň güni bilen gabat gelmeginde çuňňur many bardyr.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň toplumlaýyn taýýarlygy we geçirilmegi boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Forumy geçirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýandyr. Guramaçylyk we analitiki işler Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Hökümetiniň 2018-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçirilen mejlisindäki karary bilen döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Utgaşdyryjy merkezinde jemlenendir.
Taryhda ilkinji gezek Hazar basseýni ýaly dünýäniň iri sebitleriniň biriniň çäklerinde şeýle forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Astrahan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) 2014-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV Sammitiniň barşynda öňe sürüldi. Bu başlangyç Türkmenistan tarapyndan Hazaryň sebit hem-de sebitara geosyýasy we geoykdysady proseslerindäki strategiki ähmiýeti baradaky ýörelgeleýin nukdaýnazara esaslanan bolup, onuň möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmündäki orny hazarýaka döwletleriniň tagallalarynyň mundan beýläk hem birleşdirilmeginiň zerurlygyny şertlendirýändir. Hazar sebitiniň ýurtlary bilen önjeýli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi esaslaýyn ýörelge bolmagynda galýar we bu ugurda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändir.
Türkmenistanyň Lideriniň başlangyjy 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde (Gazagystan) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Sammitinde eden çykyşynda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Hazarda alnyp barylýan bäştaraplaýyn özara hereketleriň köp babatda biziň döwletlerimiziň söwda-ykdysady we ulag proseslerine gatnaşmak derejesine baglylygyny nygtamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bu ugurdaky tagallalaryny utgaşdyrmaga taýýarlyklarynyň subutnamasy boljakdygyna ynam bildirdi.
Bu mazmunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Sammitiniň hem-de birinji Hazar ykdysady forumynyň Türkmenistanda geçirilmegi hakyndaky başlangyçlarynyň goldanylmagy goňşy döwletleriň ählisi tarapyndan Türkmenistana bildirilýän ynamyň ýokary ähmiýetiniň subutnamasy boldy. Şol bir wagtyň özünde bu karar Ýewraziýanyň bu sebitinde utgaşdyrylan hereketler babatynda ýokary jogapkärçiligi göz öňünde tutýar, çünki onuň geosyýasy we geoykdysady prosesleriniň esasy merkezleriniň birine öwrülýän şertlerinde Forumyň ähmiýeti geografiki çäklerden has uzaklara çykýandyr.
Şu ýylyň awgustynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa ýaly möhüm halkara-hukuk resminamasynyň hereket etmegi bilen şertlendirilen hazarýaka döwletleriniň özaragatnaşyklarynyň iň täze taryhyndaky strategiki häsiýetli başlangyç wakalaryň biri bolup durýandyr. Mälim bolşy ýaly, bu esas goýujy halkara-hukuk resminama utgaşdyrylan görnüşinde Hazaryň kenarýaka döwletleriniň köpýyllyk gepleşikleriniň prosesleriniň netijelerini şöhlelendirýändir we Hazarda täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin hem giň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Guramaçylaryň konseptual nukdaýnazarlaryna laýyklykda, birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibi gatnaşyjy-döwletleriň özarahereketleriniň geljekki ugurlarynyň esaslandyrjak meseleleriň giň toplumyny öz içine alar. Pikir alyşmalar we işjeň ara alyp maslahatlaşmalar üçin söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi, şeýle-de iri taslamalaryň işlenilip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegi ýaly derwaýys meseleler öňe çykarylar. Global ölçegde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň ähmiýeti hakyndaky, hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk we özara gyzyklanma döredýän beýleki pudaklarynda maýa goýum taýdan özüne çekijiligi ösdürmegiň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýaly meseleleriň ara alyp maslahatlaşmalarynyň gyzykly bolmagyna garaşylýar.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň meýdançasynyň Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň we Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi boýunça amaly pikir alyşmalara ýardam etjekdigi gürrüňsizdir. Mälim bolşy ýaly, bu köptaraplaýyn resminamalara 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Sammitiniň jemleri boýunça gol çekildi.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň taýýarlygy we geçirilmegi boýunça Utgaşdyryjy merkezde esasy çäreler bilen bir hatarda, Halkara maslahatyň hem-de Innowasion tehnologiýalarynyň Hazar sergisiniň geçirilmeginiň maksatnamalary işlenilip düzülýär. Şeýle hem Forumyň çäklerinde döwlet, işewürlik toparlarynyň we kompaniýalaryň wekilleri üçin önjeýli duşuşuklary we gepleşikleri üçin oňyn şertler dörediler.
Forumyň işine gatnaşmak üçin hazarýaka döwletleriniň wekiliýetleri, şol sanda hökümetleriň ýolbaşçylary we agzalary, kenarýaka sebitleriniň baştutanlary we sebitleýin ýerine ýetiriji dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hazarýaka sebitiniň we gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň bank ulgamynyň we işewürlik toparlarynyň wekilleri, ylmy işgärler, şeýle hem Hazar deňzinde ykdysady işleri durmuşa geçirýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary çagyrylýar. Foruma şeýle-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň, ilkinji nobatda Hazar sebitine ýakyn ýerleşen döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem halkara ykdysady we maliýe guramalarynyň wekilleri çagyrylýandyr.
Öňde duran çäre Hazar sebitinde we ýanaşyk sebitlerde ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine, Hazaryň häzirki zaman global dessurlaryna laýyk gelýän Ýewraziýadaky täze geoykdysady giňişliginiň emele getirilmeginde möhüm orun eýeleýän iri ulag-üstaşyr merkezleriniň birine öwrülmegine güýçli itergi bermegine gönükdirilendir.
Şeýlelik bilen, birinji Hazar ykdysady forumynyň başyny başlaýjy hem-de guramaçy hökmünde çykyş etmek arkaly Türkmenistan özüniň Hazar deňzinde giň halkara hyzmatdaşlygy, onuň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň giňişligine öwrülmeginiň syýasatyna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.