icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 fewral 2019

1040

2016-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy çykyş etdiler we olar öz çykyşlarynda 2018-nji ýyl boýunça ÖHÇM-nyň işleriniň netijeleriniň seljerilmeginiň, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilýän maksatlaryň nukdaý-nazaryndan bu maslahatyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.

Maslahatyň barşynda ÖHÇM-nyň çäklerindäki işleriň bäş sany dürli ulgamlary bellenilip geçildi, olaryň netijeli durmuşa geçirilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň ýokary derejede taýýarlanylmagyna gönüden-göni täsirini ýetirýändigi aýratyn nygtaldy. Bu ugurda kanunyň dolandyrylmagy we hökmürowanlygy, ykdysady diwersifikasiýa we energotygşytlylygy, statistiki maglumatlar, sosial hyzmatlar hem-de ekologiki durnuklylyk ulgamyndaky hasabatlar berildi.  

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň gurluşlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň bolsa milli ösüş maksatnamalary bilen sazlaşykly baglanşyklydygy bellenilip geçildi. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde bilelikde maliýeleşdirmek hereketleriniň hem soňky ýyllaryň dowamynda görnetin artandygy-da aýratyn bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi