icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 ýanwar 2017

1700

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň  türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, şuňa meňzeş, çapraz häsiýetli we öz mazmuny boýunça garşylykly maglumatlaryň hiç bir esasynyň ýokdugyny mälim edýär.

Hakykatdan hem, 1997-nji ýylyň dekabryndan başlap, gazy aluw-satuw şertnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähli şertlerini berjaý edip, Türkmenistan Eýrana gazyň iberilmegini amala aşyrýar.

Şunuň bilen bir wagtda, gynansakda, Eýranyň milli gaz kompaniýasy 2013-nji ýyldan başlap, Eýran Yslam Respublikasyna ozal iberilen türkmen tebigy gazy üçin bergisini üzmek boýunça zerur tagallalary ýerine ýetirmeýär. Munuň netijesinde eýran tarapynyň ep-esli bergisi emele gelip, uzakmöhletleýin şertnama esasynda Eýrana gazyň eltilmegine ugrukdyrylan, Türkmenistanyň gaz daşaýjy infrastrukturasynyň üznüksiz tertipde işlemegine maliýe kynçylyklyklar päsgelçilik döredýär.

2016-njy ýylyň dowamynda eýran tarapynyň gaz üpjünçiliginde emele gelen ýaramaz ýagdaý we türkmen tebigy gazynyň iberilmeginde mümkin bolan çäklendirme barada resmi taýdan ençeme gezek habardar edildi. Şol bir wagtda, öz-özüni dolandyrmak we maliýeleşdirmek ýörelgeleri esasynda işleýän  «Türkmengaz» Döwlet konsernine degişli bolan pul serişdeleriniň tölenmeginde döreýän bökdençlikler, gaz burawlarynda, kompressor beketlerinde,  arassalaýjy desgalarynda we Eýrana tebigy gazyň iberilmegi üçin ulanylýan Türkmenistanyň gaz ulgamynyň beýleki gurluşlaryndaky işiň tehniki taýdan togtadylmagyna getirip biler.   

Şol bir wagtda, türkmen tarapy emele gelen meseleleriň işjeň ýagdaýda çözülmegine gönükdirilen teklipleriň ençemesini berdi. 

Emma, Türkmenistanyň konstruktiw başlangyçlaryna Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň oňyn seslenmesiniň ýoklugy, arkalaşykly çözgütleriň görnüşlerini agtarmakda oňun haýallygy, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Eýrana türkmen tebigy gazynyň akdyrylmagynyň alaçsyz çäklendirilmegine getirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýokarda agzalanlary beýan edip, bu meseläniň syýasylaşdyrylmagyna degişli her bir synanyşygyň aslyna garamazdan, olaryň Türkmenistana dostlukly bolmadyk hereketler hökmünde hasap ediljekdigini we türkmen tarapyndan dessine puja çykaryljakdygyny nygtaýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi