2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde söwda, ykdysady, ylmy, we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen–koreý toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklar gazandylar.
Şeýle hem şol gün 100-den gowrak döwlet düzüminiň we işewürler toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-koreý işewürler maslahaty geçirildi.
Hökümetara mejlisine hem-de işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryň Seul şäherine saparynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň döwlet düzüminiň we hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.