2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň Başlygy (ýerleşýän ýeri Anakara ş.) jenap Kristian Bergeriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli derejede berkidilendigini belläp geçdiler. Şeýle hem wekiliýetiň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini nygtadylar. Soňky döwürde parlamentara gatnaşyklar hem görnetin pugtalandyryldy, howpsuzlyk we adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär.
Şeýle hem, ýurtda ÝB-niň tehniki ýardam bermek taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, “Erazmus Mundus” taslamasynyň netijeliligi bellenilip geçildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýär. Köp ýyllaryň dowamynda, döwletde ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň diplomatik wekilhanalary üstünlikli işleýärler. Şu günki duşuşykda, taraplar ýakyn geljekde ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, taraplar 2018-nji ýylda bilelikdäki işleriň netijelerine seretmek bilen, üstümizdäki ýyl üçin çäreleriň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Wekiliýetiň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.