2019-njy ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň birinji gününiň dowamynda Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmak we oňa teklipleri girizmek boýunça işler alnyp baryldy.
Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri ylmy esasda amala aşyrmak, tebigy we antropogen hadysalara, monitoring we çaklamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek we giňeltmek maksady bilen düzülýän bu taslamanyň Türkmenistanyň hazarýaka döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmekde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Hazar deňzinde «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň birinji mejlisi 15-nji martda öz işini tamamlar.