Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şeýle hem ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyjy-döwletlerinden gelen 200 golaý wekiller we hyzmatdaşlary, şol sanda halkara guramalarynyň halkara bilermenleri 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda öz işine başlan terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça ÝHHG-niň ýokary derejeli sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar.
Bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi, ÝHHG-niň transmilli wehimlere garşy göreşmek boýunça Departamenti we ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça Utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guraldy.
Bu çäre Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň we ÝHHG-niň beýleki gatnaşyjy döwletleriniň milli ministrlikleriniň, maliýe gözegçiligi edaralarynyň, hukuk edaralarynyň, şeýle hem bank we kommunikasiýa pudaklarynyň ýokary derejeli we ähmiýetli wekillerini hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Kontrterrorçylyk komitetiniň Ýerine ýetiriji müdiriýetiniň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdiriýetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, INTERPOL-yň, ŞHG-niň Terrorçylyga garşy göreş baradaky sebitleýin düzüminiň, GDA-nyň gatnaşyjy-döwletleriň Terrorçylyga garşy göreş baradaky merkeziniň we beýleki guramalaryň ýolbaçylaryny bir ýere jemledi.
ÝHHG-niň Baş Sekretary Tomas Gremingeriň sözleri boýunça «dünýäniň dürli şäherlerindäki hüjümler terrorçylyk toparlarynyň entegem maliýe çeşmelerine ygtyýarlyklarynyň bardygyny görkezýär». Ol şeýle hem maliýe akymlaryna we kadalaşdyryjy guramalara, şol sanda hukuk we kazyýet edaralaryna gözegçiligiň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn möhümligini belläp geçdi. «Ýokary derejedäki gepleşikleriň terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşde sebitleýin çemeleşmeleri pugtalandyrmaga ýardam eder we şol bir wagtyň özünde hem global derejede alnyp barylýan gepleşiklere täze itergi berer».
Maslahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bu möhüm wehimiň öňüniň alynmagy boýunça, şol sanda terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça gepleşikleri geçirmek we iň naýbaşy tejribeleri alyşmak arkaly guramaçylykly jenaýat bilen mümkingadar baglanşyklary öwrenmek bilen birlikde, şeýle hem guramaçylykly jenaýat maksady bilen bütindünýä internet torunyň üsti bilen täze tehnologiýalaryň nädogry ulanylmagy bilen bagly bolan sebitleýin hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary: «Türkmenistan terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek ulgamynda BMG, ÝHHG, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Pul serişdeleriniň bikanun ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça maliýe çäreleriniň işlenilip düzülmegi boýunça Topar (FATF), Jenaýatçylykly girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça Ýewraziýa topary we beýleki guramalar bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurda işjeň hereket edýändir». «Biz mundan beýläk hem ýurdumyzypň gatnaşyjygyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýäris, ol häzirki wagtda «Egmont» Toparyna gatnaşmaga arzasyny berdi, bu bolsa beýleki ýurtlaryň maliýe derňew edaralary bilen maglumat alyşygynyň gowulandyrylmagyna ýardam eder».
ÝHHG-niň Slowakiýa Başlyklygynyň Döwlet Sekretary we Ýörite wekili Lukas Parizegiň nygtaýşy ýaly, «Biz terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň ýollaryny ýüze çykarmak we olaryň öňüni kesmek üçin has köp işleri alyp barmalydyrys. Terrorçylyk toparlary torlary döretmek we serişdeleri ýygnamak üçin internetiň we sosial aragatnaşyk meýdançalarynyň ulanylmagyna uýgunlaşypsdyrlar. Biz umumy binýatlyk hukuklara we erkinliklere zeper ýetirmezden terrorçylar tarapyndan internetiň nädogry ulanylmagynyň öňüniň alynmagy we bökdelmegi üçin täze netijeli hereketleri işläp düzmelidiris». Parizek şeýle hem nobatdaky bu ara alyp maslahatlaşmalaryň sazlaşykly sebitleýin hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy üçin iň naýbaşy tejribeleri we alnan dersleri kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahat ertir öz işini dowam eder.