2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin gelen bu Geňeşiň başlygynyň orunbasary I.Kuzmin bilen duşuşyk geçirildi.
Myhman Türkmenistan tarapyndan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi boýunça alnyp barylýan taýýarlyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi we bu çäräniň oba hojalyk ulgamynda, has takygy GDA gatnaşyjy-döwletleriniň arasynda tohumçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine agramly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan tarapyndan agrosenagat toplumynyň ösdürilmegi boýunça alnyp barylýan möhüm hereketler bellenilip geçildi.
Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde wekiliýet özarabähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdürilmeginiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklary geçirerler.